Soňky habarlar

Arhiw

Ylýasow bilen Bäşimow «Kyzylkumdan» aýryldy

17:1818.08.2020
0
5774

Türkmenistanly futbolçylar Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimow Özbegistanyň «Kyzylkum» futbol toparyndan aýryldy.

«Championat.asia» saýty düzümini has güýçlendirmek isleýän toparyň ozalky futbolçylarynyň sekizisi bilen hoşlaşandygyny ýazdy. Olaryň hatarynda türkmenistanly futbolçylar hem bar.

Ýeri gelende aýtsak, geçen möwsümde «Ahalyň» düzüminde çykyş eden Wezirgeldi Ylýasow bilen Abdy Bäşimow «Kyzylkumyň» düzümine şu ýylyň gyşynda goşulypdylar. Topara häzir başga bir ildeşimiz Täçmyrat Agamyradow tälim berýär.

Türkmenistanly futbolçylardan başga-da, nämbiýaly Makkartni Newaseb, ýerli oýunçylar Ilhom Alijonow, Nizomiddin Ziýawutdinow, Sardor Jahonow, Ruslan Matniýozow, Doniýor Usmonow dagylar topar bilen hoşlaşdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň