Soňky habarlar

Arhiw

Amangylyç Koçumow «Nebitçiniň» baş tälimçisi boldy

15:3218.08.2020
0
6023

Türkmenistanly futbol hünärmeni Amangylyç Koçumow Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynyň bäş tälimçisi wezipesine bellenildi. Ol bu wezipede Amanmyrat Meredowyň ornuna geldi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

55 ýaşly A.Koçumowyň iň soňky türgenleşdiren topary “Ahal” bolupdy.

Ýeri gelende bellesek, “Nebitçi” topary ýurdumyzyň futbol çempionatynyň birinji ýarymyndan soň toplan 13 utugy bilen ýaryş tertibinde ýedinji orny eýeleýär.

A.Koçumowyň “Nebitçi” toparyndaky ilkinji tälimçilik etjek duşuşygy 15-nji tapgyrda bolup geçer. Balkanabadyň topary bu tapgyrda myhmançylykda “Ahal” bilen duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň