Türkmenistanyň Prezidenti maliýe-ykdysady toplumynyň işine nägilelik bildirdi

13:3415.08.2020
0
37216

14-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň maliýe-ykdysady toplumynyň düzüminiň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi ― diýip, TDH ýazýar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, bu pudaklar boýunça kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň talabalaýyk durmuşa geçirilişine gözegçilik işleri güýçlendirilmelidir.

Döwlet Baştutany pudaklary ösdürmek meýilnamalary boýunça döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýeterlik derejede gözegçilik edilmeýändigine aýratyn ünsi çekdi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Muňa garamazdan, ýurtda şu ýylyň ýedi aýynda jemi içerki önümiň ösüşi 5,7 göterime barabar boldy

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň