“Leipsig” ilkinji gezek ýarym finalda

11:1414.08.2020
0
4377

UEFA Çempionlar ligasynda çärýek final oýunlarynyň 2-nji gününde garaşylmadyk netije hasaba alyndy. “Bundesliganyň” wekili “Leipsig” bilen “Atletiko Madridiň” arasyndaky duşuşykda ýeňiş gazanan nemes topary boldy. Çekeleşikli geçen oýnuň 1-nji ýarymy golsuz tamamlandy. 2-nji ýarymda has şowly oýun görkezen “Leipsig” 2–1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 50-nji minutynda Dani Olmo kelle urgusy bilen topy derwezä görnükdirip, hasaby açdy. Duşuşygyň 71-nji minutynda eminiň bellän penalti urgusyndan dürs peýdalanan Žoao Feliks hasaby deňledi. Şondan soň, hüjümlerini ýygjamlaşdyran nemes kluby 88-nji minutda ýeňiş goluny geçirdi. Bu goly Taýlor Adams öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Leipsig” 2-nji gezek gatnaşýan ýaryşynda ilkinji ýola ýarym finala çykdy. “Leipsig” ýarym finalda PSŽ bilen duşuşar.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň