12-nji awgustda Türkmenistan Owganystan Yslam Respublikasyna lukmançylyk enjamlaryň toplumlaryndan ybarat bolan ynsanperwer kömegini iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara 4-nji awgustda gol çekdi ― diýip, TDH habar berýär.
Karara laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine polimeraz zynjyrynyň reaksiýasy (Real-time PCR) üçin lukmançylyk enjamlarynyň toplumlaryny ynsanperwer kömek hökmünde Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetine muzdsuz bermek tabşyryldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň üpjün edilmegine gönükdirilen halkara işlere işjeň gatnaşýar. Ynsanperwerlik ideallaryna ygrarly Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ýörelgelerine eýerip, beýleki döwletlere kömek bermäge hemişe taýýardyr.