Soňky habarlar

Arhiw

Eýranyň «Şilat» guramasy Türkmenistana balyk önümlerini hödürleýär

13:2511.08.2020
0
20368

Eýran Yslam Respublikasynyň Mazenderan welaýatyndan “Şilat” balykçylyk guramasy öz önümlerini türkmen bazaryna getirmek babatda gyzyklanma bildirýär ― diýip, TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

Teklip edilýän eksport harytlarynyň hatarynda işbiliň we balygyň dürli görnüşleri, şol sanda balygyň diri, täze doňdurylan we konserwirlenen görnüşleri, balyklar üçin iým, balyk ýagy we baýlaşdyrylan “Omega 3” şerbeti bardyr.    

“Şilat” deňiz önümleriniň söwda-sergi öýüni döretmek, şeýle hem balyk hojalyklaryny gurnamagyň tehnologik we tehniki goldawy, deňiz önümleriniň we balyklaryň ösdürilip ýetişdirilýän ýerleriniň inženerçilik-tehniki taýdan hyzmat edilmesiniň, akwakulturany ösdürmegiň meseleleri boýunça Türkmenistanyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek barada taýýarlygy beýan edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň