Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan pandemiýa garşy göreşde käbir teklipleri öňe sürýär

09:1808.08.2020
0
32770

Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň barşynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýer ýüzünde pandemiýa garşy göreşmekde Türkmenistanyň öňe sürýän tekliplerini beýan etdi.

Ýurtlaryň we halkara guramalaryň bilelikde alyp barýan işleri öz oňyn netijelerini berýär. Şonuň bilen bir hatarda, heniz COVID-19 ýokanjyna degişli köp sanly meseleler hem aýdyň bolman galýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz tekliplerini öňe sürýär diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Birinjiden, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň koronawirusyň genomyny öwrenmek boýunça ýörite maksatnamasyny taýýarlamak gerek diýip, döwlet Baştutany belledi.

Ikinjiden, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça býurosynyň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça sebitleýin usulyny döretmek barada oýlanmagy teklip etdi.

Üçünjiden, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzüminde Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek meselesine seretmek hem maksadalaýyk hasaplanylýar.

Milletiň Lideriniň belleýşi ýaly, adamlara täsirli lukmançylyk kömegini bermäge, olaryň netijeli bejerilmegine, ynsan ömrüni halas etmäge gönükdirilen, ýokarda görkezilen we beýleki degişli wezipeleri çözmek üçin bilelikdäki tagallalary birleşdirmek zerur bolup durýar.

Bu wezipeleri ýerine ýetirmek biziň borjumyz we umumy jogapkärçiligimiz bolup durýar diýip, döwlet Baştutany bu asylly işde BSGG-niň hemmetaraplaýyn goldawyna ýene-de bir gezek bil baglaýandygyny aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň