24 ýaşly türkmenistanly derwezeçi Rahat Japarow «Abdyş-Ata» futbol toparynyň düzüminde Gyrgyzystanyň Premýer ligasyndaky ilkinji duşuşygyny geçirdi. Birinji tapgyryň galdyrylan duşuşygynyň çäginde yhmançylykda «Alaý» bilen duşuşan «Abdyş-Atanyň» esasy düzüminde meýdana çykan ildeşimiz duşuşygyň tutuş dowamynda oýnady. Duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlandy.
Rahat Japarow 1996-njy ýylda Türkmenistanda dünýä indi. Mundan ozal Aşgabadyň «Köpetdagynda» çykyş eden derwezeçi ýurdumyzyň 21 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynda Arkalaşygyň kubogy ― 2015-e hem gatnaşdy. Geçen ýyl Türkmenistanyň milli ýygyndysyna hem çagyrylan derwezeçi ýygyndynyň hatarynda heniz bir duşuşyk hem geçirmedi.
Gyrgyzystanyň «Abdyş-Ata» futbol toparynyň düzüminde ildeşimiz Ata Geldiýewiň hem bardygyny ýatladýarys.