Soňky habarlar

Arhiw

Indiki ýyldan başlap «Saran Media» Türkmenistandaky halkara futbol duşuşyklaryny dünýä ýaýar

10:5406.08.2020
0
5243

2021 ― 2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Dünýä çempionaty ― 2022-niň we Aziýa Kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrlaryndaky duşuşyklaryny, ýurdumyzyň öňdebaryjy toparlarynyň AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky hem-de AFK-nyň kubogyndaky oýunlaryny «Saran Media International» guramasy dünýä jemgyýetçiligine ýetirer.

Ýakynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasy Merkezi Aziýadaky, has takygy, Gyrgyzystandaky, Täjigistandaky, Türkmenistandaky, Özbegistandaky we Gazagystandaky milli ýygyndylar we klub derejesinde boljak halkara ýaryşlarynyň metbugat hyzmatdaşy hökmünde bu kompaniýa bilen şertnama baglaşdy. Bu barada Konfederasiýanyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Halkara futbol jemgyýetçiliginde toplan baý tejribesi we Merkezi Aziýada işlemäge döwtalaplygy bilen, «Saran Media International» AFK-nyň bu sebitdäki halkara ýaryşlaryny we duşuşyklaryny has giňişleýin ýaýratmagy we beýan etmegi üpjün eder. Duşuşyklary özüne degişli teleýaýlymlarda ýokary hil derejesinde alyp görkezer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň