TFF-niň ýolbaşçysy FIFA-nyň we AFK-nyň ýolbaşçylary bilen onlaýn-konferensiýa gatnaşdy

16:5804.08.2020
0
9937

Şu gün, 4-nji awgustda FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň hem-de AFK-nyň prezidenti Şeýh Salman bin Ibrahim Al Khalifanyň gatnaşmagynda Merkezi Aziýanyň Futbol federasiýalarynyň ýolbaşylar düzümleri (Türkmenistan, Özbegistan, Täjigistan, Gyrgyz Respublikasy, Eýran, Owganystan) bilen wideoşekil arkaly onlaýn-konferensiýa geçirildi ― diýip, TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Onlaýn-konferensiýa Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarowyň hem gatnaşandygyny bellemek gerek.

Onlaýn-konferensiýanyň dowamynda FIFA-nyň hem-de AFK-nyň bar bolan tejribelerinden, taslamalaryndan hem-de mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmak barasynda maslahat alşyldy.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino öz çykyşynda FIFA-nyň şu kyn döwürde hem öz agzalary bilen işjeňligini saklajakdygyny, hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýratyn nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň