Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen topary taryhda ikinji gezek AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

22:5430.07.2020
0
9667

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasyndan gelip gowşan resmi hat, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda ýurdumyzyň futbol toparlarynyň birbada üçüsiniň yklym ýaryşlaryna gtanaşjakdygyny buşlaýar. Bu barada federasiýa resmi saýtynda habar berdi.

Resmi hatda hem görkezilişi ýaly, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň häzirki dowam edýän möwsüminiň ýeňijisi 2021-nji ýylda yklymyň birinji derejeli ýaryşyna ― AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşar. Ýurdumyzyň çempionyna hiç hili saýlama duşuşyklary geçirmesizden, yklym ýaryşynyň Günbatar zolagyndaky toparçalaryň birinden orun berler. Bu zolakda Merkezi Aziýadan biziň ildeşlerimizden başga-da Özbegistanyň, Täjigistanyň we Eýranyň futbol toparlarynyň bardygyny ýatladýarys. Zolakda şeýle hem Kataryň, Saud Arabystanynyň, BAE-niň, Yragyň, Iordaniýanyň, Hindistanyň, Liwanyň we Siriýanyň iň güýçli toparlary ýaryşýar. Şeýlelikde, indiki ýyldan başlap, türkmen futbolçy dünýä ýyldyzlary bilen güýç synanyşarlar. Günbatar we Gündogar zolakdan ybarat Çempionlar ligasynyň ýeňijisi yklymyň çempiony hökmünde dünýäniň birinjiligi ugrundaky ýaryşa gatnaşýar.

Türkmen toparlary AFK-nyň Çempionlar ligasyna ilkinji we iň soňky gezek bu ýaryşyň döredilen wagtynda ― 2002 ― 2003-nji ýyllaryň futbol möwsüminde gatnaşypdylar. Şol ýyl paýtagtymyzyň «Nisa» futbol topary Özbegistanyň «Pahtakory», Yragyň «Al-Talabasy» we Eýranyň «Piruzisi» bilen bir toparça ýaryşypdy.

Öňümizdäki ýyldan başlap, Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi bolan topar yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň ― AFK-nyň kubogynyň toparçalaryna girmäge hukuk alar. Bu bolsa şu ýyl ýurdumyzyň Kubogyna mynasyp bolup bilen toparyň, indiki ýyl hiç hili saýlama duşuşyklary geçirmesizden, yklymyň ikinji derejeli ýaryşynyň Merkezi zolagy boýunça toparça goşulyp biljekdigini görkezýär. Bu toparçada biziň ildeşlerimizden başga-da, Täjigistanyň Kubogynyň eýesi, Gyrgyzystanyň çempiony we sekiz ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de Özbegistandan bir topar bolar.

Täze düzgünlere laýyklykda, Özbegistanyň çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşar. Ýurduň Kubogyny eýelän topar bolsa, yklymyň birinji derejeli ýaryşyna goşulyşmak üçin saýlama duşuşyklaryny geçirer. Eger özbek topary şol duşuşyklary üstünlikli geçirip bilse, ýurduna Çempionlar ligasynda wekilçilik etjek ikinji topar bolar we Özbegistanyň çempionatynda ikinji orny eýelän topar AFK-nyň kubogyna gatnaşar. Eger ýurduň Kubogynyň eýesine birinji derejeli ýaryşyň toparçalaryna goşulmak başartmasa, ol AFK-nyň kubogynda halkara ýaryşlaryny dowam etdirer. Bu ýagdaýda özbek çempionatynda ikinji orny eýelän topar hiç bir halkara ýaryşa gatnaşyp bilmez.

Yklym ýaryşlarynda ýurdumyza wekilçilik etjek üçünji topar bolsa, Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orny eýelän topar bolar. Ol AFK-nyň ýaryşyna saýlama tapgyrdan gatnaşar.

Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar bolsa, onda AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň