Soňky habarlar

Arhiw

AFK kwotalary yglan etdi: Türkmenistanyň çempiony Çempionlar ligasynda ýaryşar

16:5530.07.2020
0
7003

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy 2021-nji we 2022-nji ýyllar üçin halkara ýaryşlaryň kwotalaryny yglan etdi. Oňa görä, Türkmenistanyň futbol çempiony 2021-nji ýyldan başlap, yklymyň birinji derejeli ýaryşynda ― AFK-nyň Çempionlar ligasynda ýaryşyp biler. Ýurdumyzyň çempiony yklym ýaryşynyň Günbatar zolagyndaky toparçalaryň birine goşular. Şeýlelikde, ýurdumyzyň futbol toparlary 18 ýyllyk arakesmeden soňra ýene-de AFK-nyň Çempionlar ligasyna gaýdyp gelerler. Olar bu ýaryşa iň soňky gezek 2002 ― 2003-nji ýyllaryň möwsüminde gatnaşypdylar.

Täze düzgünlere laýyklykda, ýurdumyzyň çempiony indiki möwsümden başlap, Günbatar zolagyň bir toparçasynda ýaryşar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň kubogyny alan topar bilen bilelikde, wise-çempiona ikinji derejeli ýaryşda ― AFK-nyň kubogynda ýaryşmaga mümkinçilik dörär. Eger Türkmenistanyň kubogyna çempionatda birinji ýa ikinji orny eýelän toparlardan biri mynasyp bolaýsa, bürünç medala mynasyp bolan topara AFK-nyň kubogy ― 2021-e gatnaşmaga mümkinçilik dörär.

Häzir birinji ýarymy tamamlanan milli çempionatymyzda 33 utuk bilen «Altyn asyryň» öňde barýandygyny ýatladýarys. 31 utukly «Ahal» hem çempionlyk ýaryşyndan çekilenok. Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna awgust aýynyň ahyrynda badalga berler.

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021.

Günbatar zolak

Katar we Saud Arabystany ― 3+1

Eýran we BAE ― 2+2

Yrak ― 1+2

Özbegistan ― 1+1

Iordaniýa, Hindistan, Täjigistan we Türkmenistan ― 1+0

Liwan we Siriýa ― 0+1

Gündogar zolak

Hytaý we Ýaponiýa ― 3+1

Koreýa Respublikasy we Tailand ― 2+2

Awstraliýa ― 1+2

Filippin ― 1+1

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň