Soňky habarlar

Arhiw

«Arçalyk» täze witaminli içgini önümçilige goýberdi

11:3929.07.2020
0
2125

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän «Arçalyk» agyz suwunyň we alkogolsyz gazlandyrylan içgileriň önümçiligi boýunça zawod öndürilýän önümleriň köpdürliligini artdyrýar - diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi saýty habar berýär.

Iýul aýynda öndüriji sarp edijilere 0,4 litr möçberdäki gapda ýerlenilýän «Bark» söwda belgili täze witaminli önümi hödürledi.

Kärhana 1997-nji ýylda esaslandyryldy. Häzirki wagtda ol dürli tagamly gazlandyrylan içgileriň 15 görnüşini öndürýär, şeýle hem arassa agyz suwuny öndürmek we ilata eltip bermek işini ýerine ýetirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň