Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 12 müň gektar ýere mäş ekildi

09:1927.07.2020
0
8105

Şu ýyl Türkmenistanda ilkinji gezek mäş ekmek üçin 12 müň gektar ýer bölünip berildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habarynda hem aýdylyşy ýaly, bu ýylky mäş ekilen meýdanlar geçen ýyllardakydan birnäçe esse köpdür.

Sentýabr aýynyň ikinji ýarymynda şunça gektar ýerden, azyndan, 10 müň tonna mäş almak meýilleşdirilýär. Hasylyň köp bölegi (takmynan, 9 müň tonna) Hytaýa, Koreýa, Ýaponiýa we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna eksport ediler.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary eksport üpjünçiligi üçin mäş hasylyny köpeltmek boýunça taslama 2019-njy ýylda başladylar. Häzir birleşigiň 100-den gowrak agzasy bu taslama gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň