Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Bahreýniň Patyşasynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy

21:2225.07.2020
0
13390

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad Bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda milletiň Lideri we Bahreýniň Patyşasy häzirki taryhy döwürde täze mazmun bilen üsti ýetirilýän döwletara gatnaşyklaryna ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny tassyklap, söhbetdeşler ozal gazanylan ylalaşyklaryň çäklerinde we söwda-ykdysady pudagynda bolşy ýaly, medeni-ynsanperwerlik ugurlarynda özara gatnaşyklary giňeltmegiň geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň anyk ugurlaryny kesgitlediler.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde deňhukuklylyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlýan türkmen-bahreýn gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutany we Bahreýniň Patyşasy sebitleýin we halkara meseleleriniň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, geografiki taýdan uly giňişligi gurşap alan we köp döwletleriň hem-de halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir ýetirýän täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan COVID-19 ýokanjyna garşy göreşde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn goldaw berýär. Ýurdumyz howply wehime garşy üstünlikli göreşmek üçin ylalaşykly wezipeleriň taýýarlanmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirmeginiň tarapdary bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň