Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al-Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy ― diýip, TDH habar berýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýlýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, şeýle hem dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.
Milletiň Lideri döwletimiziň bu umumy dünýä göreşine ygrarlydygyny belläp, wehime garşy netijeli göreşmek maksady bilen, ähli ýurtlaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň zerurlygyny nazarlaýan halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginiň aýratyn ähmiýetini nygtady.