Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Gyýanlynyň polimer zawodynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Tekiz boýalan we jakkard tüýjümek önümler hem-de nah ýüplük Russiýanyň, Gyrgyzystanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň işewürleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Söwdalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 1 million 659 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Ermenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň işewürler toparlarynyň wekilleri bahasy 3 million 837 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Içerki bazar üçin ýurdumyzyň telekeçileri umumy bahasy 27 million 252 müň manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykly polietileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.