Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy jins toplumynyň mobil programmasy taýýarlanylýar

13:2119.07.2020
0
20958

«Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenbaşy jins toplumy sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp, öz müşderileri bilen arany has ýakynlaşdyrýar. Häzirki günlerde toplumyň önümleri barada doly maglumat  we onlaýn söwda üçin mümkinçilik berýän mobil programmalar işlenip taýýarlanylýar ― diýip, toplumyň resmi saýty habar berýär..

Ýakyn günlerde bu programmalaryň android we app görnüşleri taýýar bolar.

Täze programmalar, aslynda, toplumyň ýakynda döredilen resmi saýtynyň mobil görnüşidir. Olar toplum bilen mobil telefonyň mümkinçiliklerinde gatnaşyk saklamaga şert döreder.

1996-njy ýylda döredilen toplum häzirki wagtda her ýylda 12 müň tonna jins önümlerini taýýarlap, içerki bazara we eksporta ugradýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň