Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda şäherara awtobus gatnawlary wagtlaýyn çäklendirildi

11:1315.07.2020
0
66347

2020-nji ýylyň 15-nji iýulyndan Aşgabat şäherinden welaýatlara şäherara ugurlar boýunça ýolagçy gatnadýan awtobuslaryň gatnawlary wagtlaýyn çäklendirilýär. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Şeýle hem agentligiň habarynda häzirki wagtda diňe «Arçman», «Mollagara», «Daşoguz» we «Baýramaly» şypahanalaryna awtobus gatnawlarynyň amala aşyrylýandygyny ýatladýar.

16 ― 23-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň çäklerinde demir ýol gatnawlarynyň hem wagtlaýyn çäklendirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň