«Türkmendemirbetonönümleri» önümçilik birleşiginiň Türkmenabat şäherindäki kärhanasy tarapyndan şu ýylyň alty aýy boýunça meýilnama artykmajy bilen amal edildi. Hatda bu ýerde ýokary hilli beton önümleriniň 658 kub metri tabşyrykdan artyk öndürildi.
Türkmenabatdaky kärhana 50 ýyldan gowrak wagt bäri işläp gelýär. Ýöne bu ýerdäki önümçilik desgalary ýarym asyrlyk kärhanany has «juwanlaşdyrypdyr». Çünki mundan bäş ýyl ozal bu ýerde döwrebap önümçilik tehnologiýalary ornaşdyryldy. Bu bolsa önümçiligiň düýbünden täze derejä göterilmegine ýardam etdi. Germaniýa, Italiýa, Türkiýe ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy döwletlerinden getirilen tehnologiýalaryň kömegi bilen häzirki wagtda bu ýerde her gün 185 kub metr beton önümleri öndürilýär.
Kärhanadaky tehnologik zynjyr beton-garyndy bölüminden başlaýar. «Euromess» komapniýasynyň önümleri bolan kompýuterleşdirilen ulgamlaryň ikisi sement bilen çägeden garyndy ýasamaga ýardam berýär. Bu ýerde taýýarlanan garyndy önümçilik ussahanasyna ýollanylýar. Ussahanada bolsa döwrebap tehnologiýalaryň kömegi bilen kesmek, egmek, kebşirlemek ýaly işler alnyp barylýar.
Bölümleriň başga birinde bolsa armaturalaryň arasyna garyndy ergin guýlup, ondan berk beton önümleri taýýarlanylýar. Bu ýerde önümleriň birnäçe görnüşiniň öndürilýändigini aýratyn aýtmak gerek. Şol önümler ýörite barlaghanadan geçirilip, hili kepillendirilýär.
Häzirki wagtda bu ýerde öndürilýän demi-beton önümleri, esasan, Türkmenabat şäherinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda ulanylýar. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň tomsunda Türkmenabadyň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda bir bada 40 sany köp gatly ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki günlerde güýçli depginde dowam edýän gurluşykda «Türkmendemirbetonönümleriniň» Türkmenabatdaky kärhanasynyň hem uly paýy bar.