Gazagystanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysynyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow özüne täze klub gözleýär. Türkmen futbolçysy häzirki wagtda Almatyda türgenleşýär.
Ruslan Mingazowyň Pawlodaryň «Irtyşynyň» maddy ýagdaýlar sebäpli Gazagystanyň çempionatyndan çekilmegi bilen, Ruslan Mingazowyň klubsyz galandygyny ýatladýarys. Ildeşimiz «Irtyşyň» düzümine 2019-njy ýylyň iýul aýynda goşulypdy we Pawlador şäheriniň toparynda 13 duşuşykda 2 gezek tapawutlanyp, 3 goluň asisstini beripdi.
Türkmenistanly futbolçy karýerasyny ýene-de daşary ýurtlarda dowam etdirmek isleýändigini aýtdy. Ýöne ol gazak toparlaryndan hem tekliplere sereder. Bu barada Westi.kz habar berýär.
Ildeşimize gazak klublaryndan gyzyklanma bar, ýöne onuň maddy talaplary klublar üçin biraz agyr düşýär. «Transfermarkt» web saýtyna görä, Ruslan Mingazow iň gymmat bahaly türkmen futbolçysydyr we onuň bahasy 525 müň ýewro möçberinde görkezilýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysynda 26 oýun geçiren ýarym goragçy şolarda dört gezek tapawutlandy.