Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň birinji ýarymynda futbolçylaryň oýnan minutlary boýunça nusgalyk düzüm düzüldi

14:5811.07.2020
0
7925

«Turkmenportalyň» redaksiýasy şahsy hasaplamalarynyň esasynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsüminde iň köp duşuşyk geçiren ýa-da bagaça aýtsak, iň köp minut meýdanda galan futbolçylardan ybarat nusgalyk sanawlaryň ikisini düzdi.

Redaksiýanyň nusgalyk düzümleri bilen tanyşdyrmazdan ozal, çempionatyň birinji ýarymy bilen bagly käbir maglumatlary ýene bir ýola ýatlatmagy dogry hasaplaýarys.

Aşgabadyň «Altyn asyry» 14 duşuşykda toplan 33 utugy bilen birinji ýarymy birinji orunda tamamlady. Ikinji orundaky «Ahal» ondan iki utuk yzda barýar. Öňdäki üçlügi 22 utuk bilen «Şagadam» jemleýär.

Çempionatyň birinji we ikinji aýlawlarynda jemi 52 duşuşyk geçirilip, şolarda derwezelere 142 pökgi girizildi. Bu bolsa her duşuşykda ortaça 2,63 pökginiň girizilendigini görkezýär.

Yzda galan 14 tapgyrdan soňra «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew iň netijeli futbolçy boldy, ol möwsümiň birinji ýarymynda garşydaş derwezelere 16 pökgi geçirdi. Ikinji orundaky Elman Tagaýewiň («Ahal») geçiren pökgüleriniň sany A.Annadurdyýewiňkiden iki esse azdyr. Her biri 6 gezek tapawutlanan «Şagadamyň» futbolçylary Yhlas Magtymow bilen Hemra Amanmämmedow bu sanawyň üçünji ornunda.

Indi bolsa biz sizi birinji ýarymda oýnan minutlary boýunça ilkinji nusgalyk düzümimiz bilen tanyşdyrýarys:

DerwezeçiNikita Gorbunow («Şagadam» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 15 pökgi geçirtdi).  

GoragçylarGüýçmyrat Annagulyýew («Ahal» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Begenç Alamow («Merw» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 2 pökgi geçirdi).

Atageldi Geldiýew («Aşgabat» / 1260 minut / 14 duşuşyk).

Resul Mahmudow («Köpetdag» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Ýarym goragçylar: Yhlas Magtymow («Şagadam» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 6 pökgi geçirdi).

Azat Garajaýew («Nebitçi» / 1260 minut / 14 duşuşyk / 2 pökgi geçirdi).

Möwlamberdi Goşşanow («Merw» / 1251 minut / 14 duşuşyk).

Döwletmyrat Seýitmuhammedow («Köpetdag» / 1219 minut / 14 duşuşyk).

Hüjümçiler: Nurýagdy Muhammedow («Aşgabat» / 1244 minut / 14 duşuşyk / 3 pökgi geçirdi).

Altymyrat Annadurdyýew («Altyn asyr» / 1170 minut / 13 duşuşyk / 16 pökgi geçirdi).

 

Ikinji nusgalyk düzüm:

Derwezeçi: Gurbanmyrat Garaýew («Aşgabat» / 1217 minut / 14 duşuşyk).

Goragçylar: Rasim Gereýhanow («Merw» / 1257 minut / 14 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Döwlet Döwletmyradow («Merw» / 1229 minut / 14 duşuşyk).

Bagtyýar Hojaahmedow («Şagadam» / 1223 minut / 14 duşuşyk).

Döwletgeldi Mirsultanow («Şagadam» / 1197 minut / 14 duşuşyk).

Ýarym goragçylar: Hydyr Ýakubow («Şagadam» / 1195 minut / 14 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Meýlis Ryzaýew («Energetik» / 1170 minut / 13 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Rahmet Şermetow («Energetik» / 1168 minut / 13 duşuşyk / 2 pökgi geçirdi).

Ahmet Ataýew («Altyn asyr» / 1158 minut / 13 duşuşyk).

Hüjümçiler: Şanazar Tirkişow («Merw» / 1118 minut / 13 duşuşyk / 1 pökgi geçirdi).

Batyrgylyç Berdiýew («Merw» / 1101 minut / 14 duşuşyk / 3 pökgi geçirdi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň