Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde eksportyň mukdary artýar

10:2811.07.2020
0
12089

Türkmenabadyň pagta egirme fabriginde ýylyň başyndan bäri 3570,8 tonna ýüplük eksporta ugradyldy. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Bu kärhananyň önüminiň agramly bölegidir. Şu döwürde bu ýerde öndürilen önümiň umumy mukdary 3600 tonna barabar boldy. Kärhananyň ýüplüklerini Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň iri kompaniýalary satyn alýarlar.

Fabrik Türkmenistandaky ýaş kärhanalaryň biridir. Ol 2009-njy ýylda işe girizildi. Onda belli daşary ýurt kompaniýalarynda öndürilen kämil enjamlar oturdyldy. Bu bolsa çykarylýan ýüplükleriň ýokary hilli bolmagyny, netijede bolsa uly islegden peýdalanmagyny şertlendirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň