Türkmenistanyň oba hojalygynda alnyp barylýan özgertmeleri üstünlikli amala aşyrmak, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň ýerden ýokary hasyl öndürmek ugrunda alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de «Welaýatlar boýunça 2020-nji ýylda güýzlük ýeralmany, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ekmek hem-de olaryň bol hasylyny öndürmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1772-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine 14 müň tonna güýzlük ýeralmanyň tohumyny satyn almak barada Russiýa Federasiýasynyň «ВEЯ ИHBECT» jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.