Arhiw

Türkmenistanyň DIM bilen ÝHHG-niň arasynda gepleşikler geçirildi

22:5207.07.2020
0
10423

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde wideoaragatnaşyk arkaly ÝHHG-niň Milli azlyklar boýunça Ýokary Komissarynyň edarasynyň ýolbaşçysy jenap Lamberto Zanýer bilen duşuşyk geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.

L.Zanýer Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatyna hem-de tutuş dünýäde howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbitlerine doly kybap gelýän halkara başlangyçlaryna ýokary baha berdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasy ugruna gyşarnyksyz ygrarlydygy bellenildi. Iri halkara guramalary we abraýly sebit düzümleri, şol sanda ÝHHG bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak şol syýasatyň ileri tutulýan ugrudyr. Taraplar şeýle hem dünýädäki pandemiki ýagdaý sebäpli özara gatnaşyklar meselesine garadylar.

Onlaýn duşuşygyna bilim ministri hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ýolbaşçysy hem çagyryldy. Duşuşygyň çäklerinde abadançylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmäge gönükdirilen uzak möhletli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.

Köp ugurlar, şol sanda syýasy, ykdysady, ekologiýa we adam ölçegi ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şol ugurlary ösdürmäge uly üns berýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen ÝHHG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, milli hem-de halkara ähmiýetli täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

ÝHHG-niň Ýokary Komissarynyň belleýşi ýaly, Ýewropada milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasy strategiýasy hem-de durmuş ugurly içeri syýasaty doly goldanylýar. Şol strategiýa bolsa sebitde parahatçylygyň we durnuklylygyň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanlylaryň döwrüň maksatlarynyň töwereginde berk jebisleşmegi soňky ýyllarda tutuş dünýäde emele gelen amatsyz ýagdaýlara garamazdan, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň