Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyna täze häkim bellenildi

22:3607.07.2020
0
14434

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Toýly Alladurdyýewiç Ataýewi Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň häkimi wezipesine bellenilip, ol şol etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Bu barada türkmen telewideniýesiniň "Watan" habarlar gepleşigi habar berdi.

Bu wezipede ozal işlän Bagtyýar Bäşekowyň işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin 27-nji iýunda wezipesinden boşadylandygyny ýatladýarys.

Döwlet Baştutany etrap häkiminiň orunbasary wezipesine Röwşen Orazmyradowiç Işanowy belledi.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň