Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Bahreýniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

18:4707.07.2020
0
11710

Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň derejesinde geçirilen geňeşmeleriň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary girizildi ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň ýola goýlan netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy. Şol gatnaşyklar bolsa köptaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem üstünlikli ösdürilýär. Şunda ýokary derejedäki gatnaşyklaryň we duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu gatnaşyklar türkmen-bahreýn hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam edýär.

Türkmneistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Bahreýn Patyşalygyna bolan resmi sapary we Bahreýniň Patyşasy bin Isa Al Halifanyň Türkmenistana bolan döwlet sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka boldy. Şol saparlar, degişlilikde, 2011-nji ýylyň fewralynda hem-de 2019-njy ýylyň martynda amala aşyryldy.

Manamada we Aşgabatda geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ep-esli berkiden hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.

Türkmenistan we Bahreýn Patyşalygy uly tebigy serişdelere eýe bolan hem-de çäk taýdan amatly ýerleşen, okgunly ösýän döwletlerdir. Munuň özi söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Şol hyzmatdaşlykda iki ýurduň işewür düzümlerine möhüm orun degişlidir.

Ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlary, beýleki pudaklaryň hem birnäçesi geljegi uly ugurlar hasaplanylýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, netijeli türkmen-bahreýn gatnaşyklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we giňeltmek, onuň uzak möhletli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly kuwwat bar. Şol kuwwatdan netijeli peýdalanmak bolsa özara bähbitlere laýyk gelýär.

Ynsanperwer ulgamy döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan we Bahreýn baý taryhy-medeni mirasa eýedir. Bu ulgamda däp bolan gatnaşyklaryň ösdürilmegi bolsa iki halkyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň, medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň möhüm şerti bolup durýar.

Halkara giňişlikde hyzmatdaşlyk etmek meselesi babatda Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň möhüm sebit hem-de ählumumy meseleler boýunça garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da ýakyndygyny görkezýändigi bellenildi. Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge degişlidir.

Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeleri yzygiderli geçirmek tejribesini dowam etmegiň wajypdygyny bellediler. Munuň özi, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda guralýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň