Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykdy

23:5006.07.2020
0
19278

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda zähmet rugsadyna çykdy hem-de Watanymyzyň şypahana merkezleriniň birinde dynç alýar. Hemişe bolşy ýaly, milletiň Lideri işden boş wagtyny işjeň we peýdaly geçirýär ― diýip, TDH ýazýar.

Geçen hepdede ýarym ýylyň jemlerine garalan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 7-nji iýuldan 6-njy awgust aralygynda nobatdaky zähmet rugsadynyň berilýändigini yglan etdi, Hökümet agzalary zähmet rugsadyny ýurdumyzyň saglyk we dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.

Milletiň Lideri zähmet rugsady döwründe hem boş wagtynda hemişe ylmy iş hem-de döredijiligiň dürli görnüşleri, şol sanda edebi döredijilik bilen meşgullanýar, täze eserleriň üstünde işleýär, saz sungaty eserlerini döredýär, işjeň bedenterbiýe maşklarynyň hem-de aň-paýhas zähmetiniň utgaşdyrylmagynyň artykmaçlyklaryny we netijeliligini görkezýär, bularyň ählisi hemmetaraplaýyn kämilleşmäge ýardam berýär.

Ajaýyp ahalteke atlary bilen didarlaşmak we bedewde gezelenç etmek, welosipedli gezelençler, sport awtoulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini dolandyrmak döwlet Baştutanynyň zähmet rugsady döwründe we dynç alyş günleri wagtyny peýdaly hem-de baý many-mazmunly geçirmek üçin meşgullanýan ugurlarydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň