Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan konsert geçirildi

23:4329.06.2020
0
11764

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk konserti boldy. Bu barada TDH habar berýär.

«Arkadagym diýip belent ýaňlanýar, milletiň alkyşy — halkyň söýgüsi» atly aýdym-sazly çykyş baýramçylyga gatnaşýanlaryň bilelikde ýerine ýetirmeginde has-da joşgunly ýaňlandy. Ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň ýerine ýetiren «Parahatlyk buşlukçysy» atly aýdym-sazly, tansly çykyşlarynda milletiň Lideriniň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, parahatçylygyň berkarar bolmagy baradaky arzuwlar öz beýanyny tapdy.

Baýramçylyk konserti meşhur sazandalaryň, estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň täsirli çykyşlary bilen dowam etdi. Şeýle hem bu ýerde mähriban Watanymyzyň üstünliklerini, onuň tebigy gözelligini we berkararlygyny wasp edýän täze döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlar konserte tomaşa edýänler üçin özboluşly baýramçylyk sowgadyna öwrüldi. 

Meýdançada oturdylan äpet monitorlar arkaly Daşkentden Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow göni wideoaragatnaşyga çykdy. Ýakynda dostlukly ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň Permany bilen «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Dabaraly ýagdaýda Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa degişli Permany okady.

Ozodbek Nazarbekow özüne bildirilen ýokary hormat üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdy. Ol Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň eşretiniň we gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwletli tutumlarynda täze uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň at gazana artisti, Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri sowgat hökmünde wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň halk artisti D.Rahmanowa bilen bilelikde söýgi aýdymyny ýerine ýetirdi. Aýdym baýramçylyk konsertine gatnaşýanlar tarapyndan joşgunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Şeýle hem Kerim Berdimuhamedowyň döreden Sazlar çemeninde, ýagny “Meniň ülkäm” hem-de «Toý waspy» diýlip atlandyrylan sazlarda saz döredijiniň pikirlenişiniň ajaýyplygy şöhlelenip, olar belent ruha baý boldy.

Konsertiň ahyrynda baýramçylyk dabarasyna gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine hem-de agtygy Kerimiň sazyna döredilen “Arzuw” diýen aýdym ýaňlandy. Ýurdumyzyň durmuşynyň häzirki döwrüniň ýagdaýlaryny beýan edýän wideoşekiller arkaly baýlaşdyrylyp görkezilen aýdym konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýerine ýetirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň