«Türkmenistan ― ÝB» Bilelikdäki Koitetiniň 19-njy mejlisi geçirdi

23:2025.06.2020
0
6103

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň onlaýn tertibinde geçirilen 19-njy mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň wajyp ugurlary hem-de geljegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşyga Ýewropa Bileleşiginiň degişli ugurdaş düzümleriniň, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, işewürler toparlarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Onuň gün tertibine söwda-ykdysady, hususy ulgamlarda we beýleki geljegi uly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meseleleriň birnäçesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bilelikdäki işiň netijelerini, özara haryt dolanyşygynyň ýagdaýyny seljerdiler we ony artdyrmagyň mümkinçiliklerine garadylar.

Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda, oba hojalyk toplumynda, şeýle hem ynsanperwer ulgamda we ekologiýa ugry boýunça hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri barada özara gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Mejlise gatnaşyjylar sanly ulgama geçmek, COVID-19 koronawirusynyň pandemiýasyna garşy netijeli göreşmek, bilim we saglygy goraýyş ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek, oba hojalyk ulgamyndaky gatnaşyklar hojalygy ýöretmegiň innowasion usullaryny, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de ylmyň gazananlaryny iş tejribesine işjeň ornaşdyrmak we ekologiýa meseleleri barada hem pikir alyşdylar.

Şeýle hem indiki ýyl «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» bilelikdäki komitetiniň 20-nji mejlisini geçirmegiň deslapky möhleti bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň