Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýedi etrap galla borçnamasyny amal etdi

23:1924.06.2020
0
7061

Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär. 24-nji iýunda birbada ýedi etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdiler ― diýip, TDH-nyň habarynda aýdylýar.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 69 müň tonnadan gowrak galla öndürildi. Sarahs etrabynda hem bol hasyl ýetişdirilip, 41 müň tonnadan gowrak bugdaý, Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy.

Mary welaýatynyň Ýolöten we Tagtabazar etraplary hem döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar degişlilikde döwlet harmanyna şu güne çenli 25 müň 200 tonnadan gowrak hem-de 17 müň 300 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.

Lebap welaýatynyň ekerançylary uly netijeler gazandylar. Halaç etrabynyň gallaçylary 53 müň 500 tonnadan gowrak, Köýtendag etrabynyň ekerançylary bolsa 17 müň 600 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň