Bilelikdäki rus-ýapon kompaniýasy Türkmenistana lukmançylyk önümlerini ibermegi maksat edinýär

15:0522.06.2020
0
9360

Bilelikdäki rus-ýapon lukmançylyk önümlerini 2021-nji ýylda türkmen bazaryna çykarmak meýilleşdirilýär. Bu barada «Vademecum» habar berýär.

«R-Farm» kompaniýalar topary we Ýaponiýanyň «Canon Medical Systems» korporasiýasy bilelikde Moskwa şäherinde lukmançylyk enjamlarynyň önümçiligini ýola goýdular. Bilelikdäki kompaniýa 2021-nji ýylda önümlerini GDA-nyň 10 döwletine eksport etmegi meýilleşdirýär.

«RP Canon Medical Systems, LLC» diýlip atlandyrylýan kompaniýanyň merkezi edarasy Moskwa şäherindedir. Eýýäm Azerbaýjan, Ermenistan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjgistan, Türkmenistan, Özbegistan we Russiýa bilen eksport babatynda ilkinji gepleşikler geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň