26-njy iýunda Başgyrdystan Respublikasynyň Ufa şäher okrugynyň Ykdysadyýet we inwestiýalar ededarasynyň wekiliýeti Türkmenistanly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat geçirmegi meýilleşdirýärler. Russiýanyň Türkmenistandaky söwda boýunça wekili Aleksandr Ýelizarowyň hem gatnaşmagynda geçiriljek wideomaslahatda eksport meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip, Ufa şäheriniň dolandyryşynyň resmi saýtynda habar berilýär.
Şol gün Türkmenistan barada umumy maglumat alnyp, türkmen bazaryna çykmak boýunça mümkinçiliklere serediler. Şol sanda ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň möhüm ugurlary öwreniler. Türkmen bazarynyň aýratynlyklary, ondaky bäsdeşlik we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi hem gepleşikleriň möhüm ugurlary hökmünde görkezilýär.
Wideomaslahata öz işlerini Başgyrdystanda alyp barýan işewürler hem çagyrylar. Ol Respublikanyň eksporty goldamak merkezi tarapyndan geçiriler.