Türkmenistan bilen ÝB adam hukuklary boýunça gatnaşyklary giňeldýär

23:5518.06.2020
0
6625

18-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk arkaly «Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi» Adam hukuklary boýunça gatnaşyklaryň çäklerinde nobatdaky mejlis geçirildi ― diýip, TDH ýazýar.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň, Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem-de beýlekiler gatnaşdylar.

Mejlisde ýewropa tarapyna Ýewropanyň Daşary aragatnaşyklar gullugynyň, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleri wekilçilik etdiler.

Duşuşygyň barşynda raýat jemgyýetiniň ösdürilmegi, kanunyň hökmürowanlygy we kazyýet özgertmeleri, COVID-19 pandemiýasynyň durmuş-ykdysady täsirleriniň azaldylmagy boýunça taraplaryň özara hereketleriniň işjeňleşdirilmegi ýaly ileri tutulýan ugurlar babatda pikir alşyldy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar halkara we ýerli resminamalaryň çäklerinde adamlaryň ykdysady, durmuş we medeni hukuklarynyň üpjün edilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berilmeginiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Munuň özi, ilkinji nobatda, Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy, Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Milli Strategiýasy ýaly resminamalardyr.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň