“Türkmenhowaýollary” halkara uçuşlary ýatyrmagy 20-nji iýula çenli uzaldýar

22:3316.06.2020
0
51284
“Türkmenhowaýollary” halkara uçuşlary ýatyrmagy 20-nji iýula çenli uzaldýar

Russiýadaky “Türkmenhowaýollarynyň” wekilhanasy COVID-19 pandemiýasy we ýolagçylaryň howpsuzlygy sebäpli awiakompaniýanyň ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagyny 2020-nji ýylyň 20-nji iýulyna çenli uzaldýandygyny habar berdi.

Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary peteklerini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup bilerler ýa-da uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşyp bilerler we indiki amatly uçuşlar üçin petekleri täzeden hasaba ladyryp bilerler.

 

Wagtlaýyn ýatyrylan uçuşlar:

Aşgabat - Stambul - Aşgabat

Aşgabat - Moskwa - Aşgabat

Aşgabat - Sankt-Peterburg - Aşgabat

Aşgabat - Kazan - Aşgabat

Aşgabat - Minsk - Aşgabat

Aşgabat - Almaty - Aşgabat

Aşgabat - Frankfurt - Aşgabat

Aşgabat - Birmingem - Aşgabat

Aşgabat - Amritsar - Aşgabat

Aşgabat - Deli - Aşgabat

Aşgabat - Dubaý - Aşgabat

Aşgabat - Abu Dabi - Aşgabat

Aşgabat - Pekin - Aşgabat

Aşgabat - Bangkok - Aşgabat

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň