Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli athananyň taslamasy bilen tanyşdy

23:0011.06.2020
0
19314

11-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli athanany gurmak bilen bagly taslamalar bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Ir bilen döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti athananyň taslamalary we ýerleşjek ýerleri barada maglumat berýän çyzgylar bilen tanyşdy. 

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda ozal gurlan we ulanylmaga berlen şeýle desgalar ýaly, täze athana hem häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidir. Onda bedewleri ösdürip ýetişdirmek, seýislemek, degişli türgenleşikleri geçmek hem-de atlary çapyşyklara taýýarlamak üçin ähli zerur şertler üpjün edilmelidir.

Döwlet Baştutany binagärlik nukdaýnazaryndan, athanada şunuň ýaly desgalarda dünýä tejribesinde giňden ulanylýan inženerçilik-tehniki çözgütler bilen milli binagärligiň nyşanlary jemlenmelidir diýip, wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň