Türkmenistanyň Prezidenti Gulgeldiýew Daýanç Ýaranowiçi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri wezipesinden boşatdy. Bu wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministriň orunbasary Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradowyň üstüne ýüklenildi.
“Watan” habarlar gepleşiginde (05.06.2020) habar berlişi ýaly, şu günki geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti öňki ministr D.Gulgeldiýewiň işini ýaramaz alyp barandygyny, ýolbaşçylyk eden döwründe ýurtda sport syýasatynyň, aýratyn-da, welaýatlarda bu ugurdaky işleriň pes alnyp barlandygyny, ýaşlar meselesiniň ünsden düşürilendigini, ähli mümkinçilikleriň barlygyna garamazdan, türkmen türgenleriniň taýýarlygynyň pes derejede gurnalandygyny belledi. Türkmen Lideri, adatdan daşary yssy howa şertlerine garamazdan, sport çäreleriniň açyk meýdançalarda geçirilýändigini, munuň türgenleriň saglygyna ýaramaz täsir edip biljekdigini aýtdy.
Ýeri gelende ýatlatsak, 2-nji iýunda döwlet Baştutany Babaýew Rasul Dörtgulyýewiçi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadypdy.
Daýanç Gulgeldiýew Döwlet sport komitetiniň binýadynda bu ministrligiň döredilmegi bilen 2018-nji ýylyň ýanwar aýynda oňa ýolbaşçy saýlanypdy. Ondan öň, ýagny 2013-nji ýylda döredilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça döredilen Ýetiriji komitete ýolbaşçylyk edipdi.