Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen halysynyň baýramy bilen watandaşlaryny gutlady

09:3731.05.2020
0
8689

Şu gün – maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmenistanda Türkmen halysynyň baýramy bellenilýär. Bu milli sene mynasybetli, şeýle-de sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli watandaşlaryna Gutlag ýollady. Onda şeýle diýilýär:

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!

Çeper elli mähriban halyçylar!

Sizi milli buýsanjymyz bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Nepisligi we öwüşginli lowurdysy bilen dünýäni haýran edýän ajaýyp türkmen halysy merdana halkymyzyň gadymyýetden gözbaş alyp, umumadamzat medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen gözellik nusgasydyr. Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň guwanjy bolmak bilen, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Maddy däl medeni mirasy gorap saklamak baradaky hökümetara komitetiniň Kolumbiýa Respublikasynyň paýtagty Bogota şäherinde 2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda geçirilen 14-nji mejlisinde türkmen milli halyçylyk sungatyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizmek barada çözgüt kabul edildi. Munuň özi türkmen zenanlarynyň çeper elleriniň, uz barmaklarynyň gudraty bilen döredilen nepis halylarymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan ajaýyp sungat ýadygärligi hökmünde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gözelligi, nepisligi, müň dürli öwüşgini, reňkleriniň ajaýyp sazlaşygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary jemlenendir. Döwlet nyşanlarymyzda türkmen haly gölleriniň ýerleşdirilmegi ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň nyşanydyr, halkymyzyň özboluşly däplerine eýermegiň, onuň milli aýratynlygyny, dünýägaraýşyny, häsiýetini we ruhuny saklamagyň, geljeginiň rowaçlyklara beslenmeginiň alamatydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň dünýä meşhur halyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Bu sungaty dünýä ýaýmak, yzygiderli kämilleşdirmek, gadymy halylaryň asyl nusgalaryny gorap saklamak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Hormatly sergä we mejlise gatnaşyjylar!
Haly, dokma we söwda pudagynyň gadyrly iş
gärleri!

Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň giň gerim bilen geçirilmeginiň öz aýratyn many-mazmuny bardyr.

Çünki her biri sungat eserine deňelýän nepis halylarymyzy dünýä ýüzüne tanatmakda, meşhurlygyny artdyrmakda türkmen topragynda öçmejek yz galdyran gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň, gündogardan-günbatara kerwen ýüklerini gatnadan täjirleriň bitiren hyzmatlary uludyr. Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilip, dost-doganlyk gatnaşyklaryna esaslanýan köpugurly söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde öz beýanyny tapýar.

Milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginler bilen ösýän esasy pudaklarynyň birine öwrülen, dünýäniň iň kämil tilsimatlaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň dokma senagatynyň kärhanalary hem şu günki sergide öz gazanan üstünliklerini, öňdebaryjy tejribelerini giňden görkezerler. Dünýä bazarlarynda we içerki bazarymyzda alyjylaryň uly isleglerine mynasyp bolan dokma önümlerini, şeýle hem şu ýylyň ýaz-tomus möwsüminde alyjylara hödürlenjek täze önümlerini mahabatlandyrarlar.

Içerki sarp edijileriň bu ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply önümlerimize bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda giňden tanatmak, eksport mümkinçiliklerimizi artdyrmak ugrunda ýurdumyzda uly möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar we bu işler geljekde hem dowam etdiriler.

Asylly däbe öwrülen we şu ýyl ýigriminji gezek geçirilýän Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň mejlisiniň hem ýurdumyzyň halyçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri, çeper elli gelin-gyzlarymyzyň täsin sungatynyň köpdürlüligini ähli aýdyňlygy bilen görkezmäge, oňa gatnaşyjylara özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça pikir alyşmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Hormatly adamlar!
Eziz watandaşlar!

Sizi toýlarymyzyň bezegi, ojaklarymyzyň mukaddesliginiň nyşany bolan Türkmen halysynyň baýramy hem-de Türkmenistanyň haly, dokma we söwda pudaklarynyň ösüşine bagyşlanan sergi-ýarmarkasynyň we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XX mejlisiniň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Size berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez bagt hem-de maşgala abadançylygyny, işde we durmuşda üstünlik arzuw edýärin!

Goý, çeper elli, uz barmakly halyçylarymyzyň daraklarynyň sesi hemişe batly ýaňlanyp dursun!”

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň