Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda dowam edýän gurluşyklar bilen tanyşdy

23:5827.05.2020
0
12229
Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda dowam edýän gurluşyklar bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany işewürlik merkeziniň kemala gelýän ýeri bolan paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurluşygy alnyp barylýan desgalarda ýerine ýetirilýän işler barada giňişleýin maglumat berýän taslamalar we binalaryň ýerleşýän ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenen taslamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň diwanynyň, Maslahatlar merkeziniň, Türkmenistanyň Kabul ediş merkeziniň, «Arkadag» myhmanhanasynyň dürli görnüşlerini özünde jemleýän taslamalar hem-de çyzgylar bar. Şeýle hem bu ýerde Maslahat köşgüniň bölekleýin durkuny täzelemek boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berýän taslamalar görkezildi.

Döwlet Baştutany gurluşyk işleriniň bellenilen möhletde tamamlanmagynyň, milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşmagynyň, döwrebap desgalaryň ýanaşyk ýerleriniň ýokary derejede abadanlaşdyrylmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti otaglaryň bezeg işlerinde, olaryň reňk aýratynlyklarynda hem-de bezeglerinde iň ösen tehnologiýalaryň we kämil ýörelgeleriň utgaşmagynyň wajypdygyny belläp, bu künjekde gurulýan desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmelidigini hem-de şäheriň binagärlik keşbi bilen utgaşmalydygyny aýtdy we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň