Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Merkezi banky bilen «Deutsche Bank AG» möhüm taslamalary durmuşa geçirýär

22:2027.05.2020
0
11004

Türkmenistanyň Merkezi bankyň ýolbaşçylarynyň «Deutsche Bank AG» bankynyň Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça Baş ýerine ýetiriji direktory Ýorg Bongarts bilen geçirilýän onlaýn duşuşyklarynyň barşynda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylýar ― diýip, TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Ýewropanyň maliýe toparlarynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli maliýe-bank ulgamyny pugtalandyrmak we kämilleşdirmek boýunça görülýän anyk çärelere ýokary baha berilýär. Şol çäreler tutuş dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde Türkmenistanda ykdysady durnuklylygy saklamaga hem-de giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.

Merkezi bankyň ýolbaşçylary milletiň Lideriniň başyny başlan makroykdysady özgertmeleriniň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň dünýäniň esasy maliýe düzümleri, şol sanda Germaniýanyň iri bank konserni bolan «Deutsche Bank AG» banky bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň maksat edinilýändigini beýan etdiler. Bu bank bilen hyzmatdaşlykda eýýäm birnäçe möhüm taslamalar durmuşa geçirildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar ynanyşmak we özara bähbitlilik ýörelgelerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny tassykladylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň