Ýeňiş ýörişi 24-nji iýunda geçiriler

19:1527.05.2020
0
8946

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Beýik ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän Ýeňiş ýörişiniň geçiriljek gününi yglan etdi.

Ýurduň goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen geçiren maslahatynda Prezident Ýeňiş ýörişini 2020-nji ýylyň 24-nji iýunynda Moskwa şäherinde geçirmegi tabşyrdy.

Prezident ýörişiň hut şol gün Moskwada geçirilmegini 1945-nji ýyldaky ilkinji Ýeňiş ýörişiniň hem 24-nji iýunda Moskwada geçirilendigi bilen delillendirdi.

Russiýada 2020-nji ýyl Ýatlama we şöhrat ýyly diýlip atlandyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň