Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýe özara ýükler üçin «ýaşyl geçelgeleri» ýola goýmak barada ylalaşdylar

23:5025.05.2020
1
10191

Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk iki ýurduň Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamyna öwrüldi ― diýip, TDH habar berýär.

Habar berlişi ýaly, doganlyk döwletleriň Prezidentleri söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, şol gatnaşyklaryň esasyny düzýän ulag-üstaşyr hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary, beýleki möhüm ugurlar boýunça özara gatnaşyklary giňeltmek babatda tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar.

Onlaýn duşuşygyň barşynda ministrler döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar hem-de dünýäniň häzirki ýagdaýlaryny nazara almak bilen ýakyn geljek üçin özara mümkinçilikleri amala aşyrmagyň täze ugurlaryny kesgitlediler. Diplomatlar hyzmatdaşlygyň tejribesine daýanmak bilen, COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Iki ýurduň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylary sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady ugurlarda meseleleriň giň toplumy boýunça iki ýurduň özara gatnaşyklaryna seretdiler. Taraplar serhetlerde sanitar we fitosanitar gözegçiliginiň talaplaryna laýyklykda daşalýan ýükler we harytlar üçin «ýaşyl geçelgeleriň» ýola goýulmagyna uly ähmiýet berdiler.

Ministrler iki ýurduň arasyndaky dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de döwlet we hususy pudaklaryň wekiliýetleriniň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny dikeltmegiň, ilkibaşda onlaýn görnüşde dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň