Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň DIM-inde saglygy goraýyşdaky halkara başlangyçlaryň durmuşa geçirilişine bagyşlanan brifing geçirildi

23:5222.05.2020
1
16957

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilişi» boýunça brifing boldy. Oňa daşary syýasat edarasynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalaryň hem-de halkara guramalarynyň baştutanlary, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzda işleýän daşary ýurt habarlar serişdeleriniň habarçylary gatnaşdylar ― diýip, TDH ýazýar.

Şeýle hem brifinge wideomaslahat görnüşinde aragatnaşyk arkaly edaralary üçünji ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanda akkreditirlenen ilçiler gatnaşdylar. Şeýlelikde, brifinge Gazagystanyň, Russiýanyň,Azerbaýjanyň, Özbegistanyň we Türkiýäniň paýtagtlary goşuldylar. Mundan başga-da 18 ýurtdan 30-a golaý žurnalistler onlaýn görnüşinde bellige alyndy. Bu bolsa diňleýjileriň geografiýa taýdan gerimini has giňeltdi.

Bu gezekki brifing Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda, umuman milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça, hususan-da, Türkmenistanda koronawirus ýokanjynyň ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň hem-de onuň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça görülýän çärelere bagyşlanan üçünji brifingdir.

Bu gezekki duşuşykda ýokanç kesellerine garşy göreşde hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ylmy-lukmançylyk binýadyny berkitmekde alnyp barylýan işleriň örän ähmiýetli ugurlarynyň birnäçesine oňa gatnaşyjylaryň ünsi çekildi.

Brifingiň başynda Saglygy goraýşyň Bütindünýä assambleýasynyň wertual görnüşde 18 — 19-njy maýda geçirilen 73-nji sessiýasynyň netijelerine baha berildi, onuň işine Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşyp, pandemiýa garşy göreşde BSGG-nyň tagallalaryny goldady.

Türkmenistan Bütindünýä assambleýasynyň jemleri boýunça «СOVID-19-a garşy jogap» atly kararnamany goldady. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň