Arhiw

Türkmenistan gämi gurluşygynda «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerine seredýär

23:5721.05.2020
0
5487
Türkmenistan gämi gurluşygynda «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen gatnaşyk etmegiň mümkinçiliklerine seredýär

Penşenbe güni Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Niderlandlar Patyşalygynyň «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryny berkitmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem duşuşyga «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bellenilişi ýaly, ýurtda hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de innowasion usulda täzelemäge gönükdirilen köp sanly taslamalar amala aşyrylýar. Munuň özi sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda daşary ýurtly işewür toparlarynyň ornuny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ýerde amatly maýa goýum ýagdaýy döredildi.

Türkmenistan iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegine üns bermek bilen, döwrebap tehnologiýalara hem-de ylmy-tehniki innowasiýalara eýe bolan öňdebaryjy Ýewropa kompaniýalarynyň tejribesine uly gyzyklanma bildirýär. Şunuň bilen baglylykda, «Damen Shipyards Gorinchem» kompaniýasy bilen özara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerine seredildi. Bu kompaniýa bazaryň her bir ugry üçin niýetlenen gämileri — tirkeglerden başlap, lýuks kysymly gämilere çenli işläp taýýarlamak we gurmak babatda ýöriteleşdirilendir.

Duşuşyga gatnaşyjylar uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga özara islegiň bardygyny tassyklamak bilen, bar bolan mümkinçilikleri, şeýle hem degişli pudaklarda, şol sanda gämi gurluşyk pudagynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň