«Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň dokma senagatynda eksport kuwwaty we importa bolan islegleri hem-de birža işinde hyzmatdaşlygyň geljegi» atly mowzuk boýunça iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasynda iş maslahaty geçirildi ― diýip, TDH habar berýär.
Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşyga Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Russiýa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda eksport we import ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Russiýaly hyzmatdaşlar Türkmenistanda öndürilýän önümlere, şol sanda dünýä boýunça ýokary hilli önümler bilen mynasyp bäsleşýän dokma senagatynyň önümlerine uly gyzyklanma bildirýärler.
Bellenilişi ýaly, bu pudak Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň eksport ugurly pudaklarynyň hatarynda kesgitlenildi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edaranyň wezipesini ýerine ýetirýän Döwlet haryt-çig mal biržasy hem ýardam edýär.
Maslahata gatnaşyjylar iki tarapyň bähbitlerini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça anyk ugurlaryň birnäçesini kesgitlediler.