Soňky habarlar

Arhiw

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen «El hünäri il gezer» atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Ine, ýeňijiler

21:0019.05.2020
0
1816

Surat: jeyhun.news

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «El hünäri il gezer» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. 

Bäsleşigiň şertine laýyklykda, oňa gatnaşan okuwçylar özleriniň amaly-haşam, zergärçilik, küýzegärçilik, heýkeltaraşlyk, milli el işlerini hem-de çeken suratlaryny we fotosuratlaryny hödürlediler. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda geçirilen bäsleşigiň maksady mekdep okuwçylarynyň döredijilige we sungata bolan höweslerini artdyrmakdan ybaratdyr. 

Eminler toparynyň gelen netijesine görä, Aşgabat şäherindäki 34-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülşat Sahadowa, 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Aýsoltan Annaberdiýewa, 32-nji orta mekdebiň okuwçysy Selbi Kadyrowa, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň okuwçylary Söhbet Ýusupow, Mahliýa Rozymyradowa, Ahal welaýatynyň Sarahs etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Adyl Jumamyradow, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Oglaý Annaýewa, Serdar şäherindäki 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýjeren Garaýewa, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň 61-nji orta mekdebiniň okuwçysy Gülzada Koşaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 35-nji orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ilamanow, Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky ýöriteleşdirilen 19-njy orta mekdebiň okuwçysy Babamyrat Hojamuradow, Kerki etrabyndaky 17-nji orta mekdebiň okuwçysy Mergen Sultanow, Mary welaýatynyň Oguzhan etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Ogulmaral Öwezgeldiýewa, Mary şäherindäki 29-njy orta mekdebiň okuwçysy Nepes Döwletgeldiýew dagy ýe¬ňiji diýlip yglan edildi. 

Ýeňijilere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Diplomlardyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. «El hünäri il gezer» ady bilen geçirilen döredijilik bäsleşiginiň ýe¬ňijilerini sylaglamak dabarasyndan soň¬ra, oňa gatnaşyjylar el işleriniň sergisine tomaşa etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň