Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabadyň Botanika seýilgähiniň durky täzelendi

12:0618.05.2020
0
19546
Aşgabadyň Botanika seýilgähiniň durky täzelendi

25-nji maýda belleniljek Aşgabat şäheriniň gününe barýan günlerimizde paýtagtyň Botanika seýilgähi tebigatyň muşdaklary üçin gapylaryny ýene-de giňden açdy. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň garamagynda seýilgähiň durky düýpli täzelenip, onda täsin gözellikleriň uly toplumy emele getirildi.

Bu taryhy seýilgäh şol bir wagtyň özünde möhüm okuw-tejribe merkezidir. 12 gektar meýdany tutýan seýilgähiň çäginde geçen asyryň 1902 ― 1981-nji ýyllarynyň aralygynda dünýäniň dürli klimatik guşaklyklarynda ýetişýän agaçlardyr ösümlikler oturdylyp, olar üstünlikli ýetişdirildi.

Durkuny täzeleýiş işlerinde seýilgähiň ozalky tebigy aýratynlygyny saklamaga aýratyn üns berildi. Bu seýilgäh ýene-de paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň