Aşgabadyň döwlet söwda ulgamy sanlaşdyrylýar

10:0518.05.2020
0
27757

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň Tehnologiýalar merkeziniň we «Agzybirlik Tilsimaty» BK-nyň hünärmenleri Aşgabatda döwlet söwda ulgamyny sanlaşdyrmak boýunça taslamany durmuşa geçirýärler ― diýip, «Altyn asyr: Türkmenistan» elektron gazeti habar berýär.

«Agzybirlik Tilsimaty» nyşany bilen söwdany awtomatlaşdyrmak üçin POS-enjamalryň 300 toplumy: sensor ekranly kompýuterler, çek-printerler, ştrih-kod printerleri we skanerleri, pul gutylary çykaryldy. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligine degişli paýtagtymyzyň azyk dükanlarynyň ählisi şeýle enjamlar bilen üpjün ediler.

Elektron ulgama geçirmek işi ýylyň ahyryna çenli tamamlanar. Şunda paýtagtyň söwda nokatlarynyň ählisi sanly ulgama birleşdiriler, bu bolsa harytlaryň ammarlara gelip düşüşinden dükanlara ugradylşyna, satylan möçberine we galan harytlara çenli sanly ulgam arkaly gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Şeýle merkezleşdirilen ulgam söwda nokatlarynyň harytlar bilen üpjünçiligi baradaky maglumatlary sistemalaşdyrmaga, dükanlarda olaryň ýeterlik goruny öz wagtyna üpjün etmäge, harytlar bilen üznüksiz üpjünçiligi ýola goýamaga, söwda we hatyt iberijiler bilen hasaplaşygyň elektron hasabatyny alyp barmaga mümkinçilik berer. Sanly binýat netijeli menejment we marketing meselelerini çözmek üçin şertler döreder.

«Kompýuter tehnologiýalary merkezi» kärhanasynyň direktory Hanmämmet Mollakowyň aýtmagyna görä, alyjylara amatly bolar ýaly täze internet-saýt döredilier, onda her bir dükan barada maglumat: onuň salgysy, telefonlary, harytlaryň görnüşleri we harytlary barada ähli maglumat ýerleşdiriler. Söwda portalyna girýänler harydy öýüne getirtmäge tabşyryk berip, sorag-jogap görnüşinde goşmaça maglumatlary alyp bilerler. Bu ulgam içerki bazarlarda islegi öwrenmäge mümkinçilik berer. Indiki tapgyrlarda sanlaşdyrma ulgamy welaýat merkezlerinde-de ornaşdyrylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň