Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti walýuta amallarynyň häzirki tertibini gözden geçirmegi tabşyrdy

05:2716.05.2020
1
75338

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisnde Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýer G.Müşşikowa dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýagdaýlary nazara almak bilen, maslahat geçirmegi tabşyrdy. Wagtlaýyn çäre hökmünde walýuta amallarynyň hereket edýän tertibine gaýtadan seretmek mümkinçiligini öwrenmeli hem-de Hökümetiň bu ugra degişli kararynyň taslamasyny taýýarlamaly diýip, hormatly Prezident aýtdy.

Häzirki wagtda önümleri eksport edýän kärhanalardan we guramalardan, şeýle hem hususy firmalardan gelip gowuşýan walýuta serişdeleriniň 50 göterimini däl-de, dolulygyna döwletiň ätiýaçlyk goruna geçirmeli.   Walýutada alnan bu serişdeleriň öwezini bolsa, milli pul birliginde dolmaly.

Häzirki döwürde harytlary, mysal üçin, zerur bolan derman serişdelerini ýa-da gurluşyk enjamlaryny satyn almak boýunça topary döretmek barada görkezme bermek bilen, milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedow bu toparyň şu maksatlar üçin kärhanalaryň we guramalaryň milli puldaky serişdelerini daşary ýurt puluna öwürmek meselesine seretmegini onuň esasy wezipesi hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu işleri guramak üçin üç gün wagt berildi.

Hormatly Prezident 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak hakyndaky Karara gol çekdi. Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde düýpli işlemegi tabşyrmak bilen, döwlet Baştutany ýaşaýyş-durmuş meselesine, zähmet haklaryny ýokarlandyrmaga we bilim hem-de saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermeli diýip belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň maliýe-ykdysady toplumynyň öňünde goýlan wezipeleriň dessin çözülmegine berk gözegçilik etmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň