Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Rus maýadarlar «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryny döwrebaplaşdyrýar

23:5715.05.2020
1
16864

Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlsinde wise-premýer Ş.Durdylyýew «Maryazot» önümçilik birleşiginiň önümçilik desgalaryna maýa goýumlaryny çekmek arkaly düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşiginiň önümçilik kuwwatlylygy ýylda 450 müň tonna ammiak selitrasyny öndürmäge niýetlenendigi barada habar berildi. Kärhana ammiak öndürýän iki sany sehden ybaratdyr. Tehnologik enjamlaryň könelendigi bilen baglylykda, önümçilik birleşigini taslama kuwwatyna çykarmak üçin onuň esasy önümçiliklerini düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak zerurdyr.

Bu işleri Russiýa Federasiýasynyň kompaniýalarynyň maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrmak barada 2019-njy ýylyň maý aýynda Aşgabatda geçirilen türkmen-rus ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň 11-nji mejlisiniň teswirnamasynda göz öňünde tutuldy.

Russiýa Federasiýasynyň birnäçe paýdarlar jemgyýetleriniň teklipleri giňişleýin öwrenildi hem-de azotly dökünleri öndürýän önümçilikleri döwrebaplaşdyrmakdaky uly tejribesi göz öňünde tutulyp, bu taslama maksada laýyk hasaplanyldy. Bu kompaniýalaryň wekilleri “Maryazot” önümçilik birleşiginde bolup, önümçilik desgalarynyň ýagdaýy bilen ýerinde tanyşdylar hem-de olary taslama kuwwatlylygyna çykarmak üçin mümkinçilikleriň bardygy barada deslapky çaklamany berdiler.

Rus kompaniýalarynyň tekliplerine laýyklykda, ammiak çig malyny, azot kislotasyny, ammiak selitrasyny öndürýän sehleri, suwy himiki taýdan arassalaýan desgasyny hem-de beýleki kömekçi desgalary tehnologik enjamlar we ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjün edip, kärhanany düýpli abatlamak we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu işleriň ýerine ýetirilmegi ammiak selitrasynyň daşary ýurtlardan satyn alynmagynyň zerurlygyny aradan aýrar, kärhanany taslama kuwwatlygyna çykarmaga hem-de azotly mineral dökünleriň täze görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Hormatly Prezident hasabaty diňläp, hödürlenen teklipleri makullady hem-de Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini nygtady.

Russiýa Federasiýasy biziň strategiki hyzmatdaşymyz. Häzir biziň ýurtlarymyz geçen ýyllaryň üstünlikleri hem-de öňde duran ilkinji derejeli wezipeler nazara alnyp, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny kesgitlemäge oýlanyşykly çemeleşýändigini görkezýärler diýip, milli Lider aýtdy hem-de ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-rus hökümetara toparynyň işiniň eýeleýän oňyn ornuny belledi.

Döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ýokary ösüş depgini ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň uly kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär.

2030-njy ýyla çenli ýurdy senagatlaşdyrmak boýunça maksatnama laýyklykda, Türkmenistan rus hyzmatdaşlardan zerur gurluşyk serişdelerini, tehnikalary, enjamlary satyn alýar, Russiýanyň bolsa ýurdumyzda öndürilýän önümleri satyn almaga gyzyklanmasy barha artýar hem-de dünýäniň şonuň ýaly önümlerine mynasyp bäsdeş bolup bilýär diýip, milli Lider nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň